Türk Daşary Syýasatyna Syn 04

Türkiýäniň terrora garşy göreşinde täze etap: Zeýtun şahajygy operasiýasy

Türk Daşary Syýasatyna Syn 04

Türkiýe Respublikasy terrora garşy göreşini arakesme bermezden dowam etdirýär. Şol çäkde Türkiýe Afrine ornaşan terror guramasy PKK-a agza terrorçylaryna garşy Zeýtun şahajygy ady bilen operasiýa başlatdy. Biz hem gepleşigimiziň bu günki sanynda şol operasiýany we operasiýanyň Türk daşary syýasatyna täsirini analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitediniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri Dr. Jemil Dogaç Ipegiň şu günki temamyz bilen baglanşykly synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýe eýýäm ençeme wagt bäri serhediň beýleki tarapyndaky terror howpyna garşy harby operasiýa başlatmak üçin meýilnama düzýärdi. Türkiýe we Türkiýe tarapyndan tälim berilen Milli goşun gysga wagt ozal Afrinde ornaşan aýralykçy terror guramasy PKK/ÝPG-e garşy herekede geçdi. Ençeme wagt bäri taýarlyklary dowam eden operasiýa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Erdoganyň beýanatynda gysga wagt soň ýagny 20-nji ýanwarda sagat 17:00-da başlady.  Operasiýa Zeýtun şahajygy operasiýasy ady berildi.

        Operasiýa harby taýdan häsýetlendirilen mahaly Türkiýäniň we söweş meýdanyndaky hyzmatdaşlarynyň bu babatda kemçiligi ýok. Sebäbi sebit eýýäm eneçe wagt bäri öwrenilýär. Türkiýäniň serhetleriniň çägindäki harby güýje goşmaça güýç hökmünde Afriniň gündogarynda Azat Siriýa goşuny/Milli goşun we günortada türk esgerler bar. Şol sebäpli bu ýerde operasiýa El Babdan tapawutly ýagdaýda alynyp barylýar. Düşünişimiz ýaly ilki gabaw, soň bolsa saplaýyş işleri geçiriler.

        Siriýanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Afrin: Halap welaýatynyň bir etrabydyr. Türkiýä serhetdeş bolan bu etrap, strategik taýdan örän wajyp bir ýerde ýerleşýär. Afrin türkmenleriň, kürtleriň we araplaryň bilelikde ýaşan bir sebitdi. Emma PKK/ÝPG-niň sebitde täsirini artdyrmagy bilen türkmen we arap ýaşaýjylaryň aglabasyny başga ýerlere göçmäge mejbur etdi. PKK/ÝPG sebitde täsirini artdyrmadan ozal Afrinde ýaşaýan türkmenleriň sany örän köpdi.

Afrindäki we töweregindäki obalaryň we ýaşaýyş ýerleriniň ýerleşişi we atlary şu aşakdaky ýaly: serhetdäki Meýdany Ekbezden başlap günorta tarap: Däli Osman, Bindirek, Welidli, Däli Oglan, Güwende, Tepeköý, Koruköý, Pullu, Sokally, Atamanly, Aliwiran, Firfirik, Meýdanlyoba, Alemdar, Çakmak, Küçüksokaly Öksüzlü, Göbekköýü, Dag Obasy, Şeýler Obasy, Dik Obasy we Magara köýleri. İnjesu derýasynyň gündogarynda, Gaziantep serhedinden günorta tarap: Bülbül, Baliköý, Beg Obasy, Mahmut Oba, Kaleköý, Ziýaretköý, Serenji, Orta Oba, Aşagy Oba, Salkaýa, Ali Beg, Karyşyk, Konak, Hydyrly, Çolakly, Sagyr Oba, Kuru Göl, Kaş Uzady, Bebe Uşady, Kurt Uşaty, Alkanly, Durakly, Alyjy, Kyzylbaş, Küçük Kargyn (Derwiş Köýü), Belen, Naz Uşagy, Meýdanlyk, Çorbajyogly we Anbarly obalary. Çerçim çeşmesiniň gündogary/Türkiýäniň serhedine tarap bolan bölek: Derwiş Oba, Küçük Atamanly, Kady Köýü, Mamaly Uşagy, Ömer Uşagy, Sary Uşak, Kantarly, Birinjilik, Kantara, Mabedii, Çömezli, Al Jura, Hajy Kasymly, Arslanyn Köýü, Saty Uşagy, Kyşla Köý, Selçik, Çakally, Şeýh Çakally we İnkale obalary. Çerçim çeşmesinden dowam etsek: Aşagy Kyşla, Dar Güneý, Subaşy, Çolaklar, Karabaş, Büýük Çakally, Hacy Hasanly, Aşagy Çobanly, Tatarhanly, Karanköý, Kojaman, Şeýh Abdurrahman Gazy, Gümüş Burç, Ýaha Goz, Hajdar, Ajeli, Hajy İsgender obalary. Jebeli Semanyň gündogary we Afrin suwy jülgesindäki türkmen obalary: (demirgazykdan günorta tarap) Gurt Gulagy, Gara Gurt Gulagy, Karatepe, Kersen Taş, Masut, Burç Gaziler, Çadyrköý, İskanköý, Jeleme, Eski Jeleme, Göl Baýyly, Ýukary Diwan, Molla Halil, Atmaköý. Azez bilen Afrin suwunyň arasyndaky türkmen obalary: İki Dam, Dam, Kuzunju Pynar, Arpa Weren, Dikmetaş, Kozjupynary, Umranly, Büýük Kargyn, Ali Beýli, Çimenli, Direkli, Aşagy Dam, Kastal, Ziýaret, Katma, Metinli we Ali obasy. Azeziň gündogarynda bolsa: Suju, Kefer, Parça, Kefersuç, İgde, Hawar, Hajar, Nasmiýe, Telbattal, Kysajyk, Telşahin, Çeke, Dudan, Kuru Mezra, Bagdili, Karaköprü, Ýeniýapan, Myrgyl, Şamandyra, Sawran, Tuglu, Kyzylmezra, Barak, Kefer, Kani, Tel Hüseýin, Ýelbabal, El Begli, Ýahnil we Defterdar obalary ýerleşýär.

Afrin söweşi ýeňil bolar diýip pikir etmeli däl. Sebäbi PKK/ÝPG hem eýýäm köp wagt bäri taýarlyk görýär. Şol maksat bilen köp sanda terrorça tälim berdiler. Sebitde köp sanda tunel gazandyklaryny we sebiti ýaragdan doldurandyklaryny bilýäris. Mundan başgada PKK/ÝPG özi ýaly şol bir fabrigiň önümi bolan DAIŞ-den örän köp zat öwrendi we öwrenenlerini söweş meýdanynda durmuşa geçirýär. Bu operasiýada hem asuda ilaty diri galkan hökmünde ulanmak başda bolmak bilen DAIŞ-iň dürli-dürli tejribelerini ulanarlar. Emma ähli bu zatlara garamazdan Türk goşunynyň we hyzmatdaşlarynyň aýralykçy terror guramasyny ahyrynda ýok etjek güýje eýedir. Bir zady hem şu ýerde belläp geçsek ýerlikli bolsa gerek, operasiýa kürtlere garşy geçirilýän operasiýa däldir. Şonsyzam sebitdäki kürtler şony bilýär. Mundan başgada şuny hem şu ýerde belläp geçsek gowy bolar: operasiýa gatnaşýan ähli türkmen toparlarynyň serkerdeleriniň aglabasy kürtlerden ybarat. Olar hem PKK terroryna garşy döşüni gerip söweşýärler.

        Meselä ABŞ tarapyndan garasak: ABŞ bu etapda Afrin üçin aladalanmaýar. Hatda ABŞ bu operasiýadan hoşal hem bolup biler. Onuň bolsa 2 sebäbi bar: 1. Türkiýäniň we Russiýanyň Afrin babatynda özara düşünişmezçilik başdan geçirip bilmek ähtimallygy bar. 2. ABŞ Ýewfrat derýasynyň gündogarynda PKK bilen uzak möhletleýin harby we syýasy taslamany durmuşa geçirmäge taýarlanýar. Bu taslamanyň başga bir tarapynda bolan Türkiýäniň başga bir meseleler bilen gümrä bolmagy bolsa ABŞ taýadan kanagatlandyryjy bir ýagdaý.  

        Türkiýe Ýewfrat galkany operasiýasynda bolşy ýaly BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň  kararlaryna we BMG-niň 51-nji maddasyna esaslanyp bu operasiýany geçirýär. Şol sebäpli Zeýtun şahajygy operasiýasy halkara hukuk taýdan kanuny bir operasiýadyr. Meniň pikirimçe bu operasiýa Afrin bilen çäkli galmaz we munyň dowam bolar. Aslynda ýagdaýlar hem muňa Türkiýe üçin mümkunçilikler berýär. Sebäbi Russiýa we ABŞ Siriýa babatynda uly çekeleşeme başdan geçirýärler. Bu ýerde Türkiýe deňagramlylyk taýdan öň hatara çykýar. Türkiýe muny öz peýdasyna ulanyp biler. Şonsyzam Türkiýe Respublikasynyň beýanatlarynda hem şol tutanýerliligi görýäris. Afrinden soň operasiýa Münbiçe soň bolsa Tel Abýada tarap uzap gitse geň görülmeli däl.

     



Degişli Habarlar