Resmi Waşington gepleşiklere PÝD-niň hem gatnaşmalydygyny öňe sürdi

ABŞ-nyň ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD-ä bolan çemeleşmesinde skandal boýun almalar dowam edýär

Resmi Waşington gepleşiklere PÝD-niň hem gatnaşmalydygyny öňe sürdi

Resmi Waşington Siriýada uzak möhletli syýasy çözgüt gepleşiklerine PKK-nyň bölümi PÝD-niň hem gatnaşmalydygyny öňe sürdi.

Döwlet sekretarlygynyň metbugat sekretary Mark Toner gündelik metbugat ýygnagynda Siriýadaky içerki urşuň bes edilmegi üçin BMG-niň öňbaşçylygyndaky çözgüt tagallalarynyň “ýeke-täk çözgüt” ýoludygyny pikir edýändiklerini nygtap: “Gepleşiklere kimiň gatnaşjakdygy degişli topara we Siriýanyň halkynyň islegine bagly” diýdi.

Toner, “PÝD-niň gepleşiklere gatnaşyp biljekdigini aýdýaňyzmy” diýlen soraga: “Biziň pikirimizçe belli bir nokatda olar hem bu tapgyra degişli bolmaly. PÝD belli bir gatlaga wekilçilik edýär. Siriýada uzak möhletli çözgüt gözleginde olaryň hem sesleri eşidilmeli” diýdi.

Mark Toner ýurdunyň terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD-nin ýaragly bölegi ÝPG-ä ýarag bermeýändigini ýene-de bir gezek gaýtalady.

Tonere Amerikanyň Goranmak ministri Aşton Karteriň Senatda eden çykyşlaryndan birinde Pentagonyň PÝD-ä ýarag berendigini boýun alandygy ýatladyldy.

Toner Karteriň beýannamasyny ýanynda däldigini nygtap, “Ýaraglaryň PÝD-ä berilmändigini baradaky sözlerini” gaýtalady.

Mark Toner: “Eger PÝD, PKK däl bolsa olara näme üçin ýarag bermeýärsiňiz” diýlen soraga anyk jogap bermekden çetde durdy.

 



Degişli Habarlar