“Siriýa meselesinde Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan bilen ýaňadandan hyzmatdaşlyk edilmeli”

Tillerson Tramp tarapyndan dalaşgär hökmünde hödürleneninden soň, ABŞ-nyň Senatynyň Daşary gatnaşyklar komitedinde senatorlaryň daşary syýasat bilen bagly soraglaryna jogap berdi

“Siriýa meselesinde Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan bilen ýaňadandan hyzmatdaşlyk edilmeli”

ABŞ-nyň Prezidentlik wezipesini 20-nji ýanwarda kabul edip aljak Donald Trampyň Döwlet sekretarlygyna dalaşgär Reks Tillerson: “Siriýa meselesinde Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan bilen ýaňadandan hyzmatdaşlyk edilmeli. Türkiýe Biz üçin NATO agza köne hyzmatdaşymyz” diýdi.

Tillerson Tramp tarapyndan dalaşgär hökmünde hödürleneninden soň, ABŞ-nyň Senatynyň Daşary gatnaşyklar komitedinde senatorlaryň daşary syýasat bilen bagly soraglaryna jogap berdi.

Siriýada bolup geçýän içerki söweşiň tamamlanmagyndan soň, Ýakyn Gündogarda ABŞ-nyň liderliginiň ýok bolup-bolmajakdygy bilen bagly berilen soraga Tillerson ABŞ-nyň sebitde ýaňadandan güýçli pozisiýa eýelemegi üçin hyzmatdaşlary we dostlary bilen ýaňadandan iş salyşmalydygyny belledi.

Siriýada Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň syýasatlarynyň wajyp paýy bardygyny nygtan Tillerson: “Siriýa meselesinde Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan bilen ýaňadandan hyzmatdaşlyk edilmeli. Türkiýe Biz üçin NATO agza köne hyzmatdaşymyz. Sebitde ABŞ-nyň kemligine aladalandy we ýüzüni Russiýa tarap öwürdi. Russiýa uzak möhletleýin hyzmatdaş däldir. Russiýanyň uzak möhletleýin hyzmatdaş bolup bilmejekdigini açyk ýagdaýda görkezmegimiz zerur. Türkiýäniň hyzmatdaşy ABŞ-dyr” diýdi.

Siriýada terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşmegiň möhümdigini bellän Tillerson Siriýanyň Prezidenti Başar Asadyň gitmelidigini mälim etdi.

Tillerson: “Asatdan soň kimiň geljekdigine karar bermelidiris” diýip belledi.



Degişli Habarlar