Ženewada geçirilýän Kipr gepleşikleriniň üçünji güni tamamlandy

Taraplar gepleşiklerde taýarlan kartalaryny hödürlediler

Ženewada geçirilýän Kipr gepleşikleriniň üçünji güni tamamlandy

Kartalar BMG-niň seýflerinde saklanýar.

DKTR-nyň Prezidentiniň metbugat dsekretary Baryş Burju BMG-niň Ženewadaky ofisinde beren gysgaça beýannamasynda liderleriň BMG-niň Baş sekretarynyň Kipr boýunça şahsy geňeşçisi Espen Bart Eýde bilen birlikde BMG we taraplaryň karta hünärmenleriniň öňünde kartalary hödürländiklerini nygtap: “İki lider biri-birleriniň kartalaryny gördüler. BMG-niň hünärmeni, grek we türk hünärmenler bilelikde işleşip hödürlenen iki kartanyň ozal Mont Pelerinde gazanylan ylalaşyga bap gelip-gelmeýändigini seljerdiler” diýdi.

Bu ylalaşyk grek tarapynyň 28,2 we türk tarapynyň 29,2 göterim ýakynlaşmagagyny göz öňünde tutýardy.

Ženewada dowam edýän Kipr gepleşikleri barada analiz beren ÝB ministri Ömer Çelik, iki özygtyýarly döwlete esaslanýan, iki jemgyýetli çözgüde oňyn garajakdyklaryny, gepleşik tapgyrynyň demirgazygyň günorta goşulmagy hökmünde seljerilmeli däldigini aýdypdy.

Gepleşikleriň dördünji gününde hemaýatkär ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda howpsyzlyk we hemaýatlar boýunça bäş taraply maslahat geçiriler.

Hemaýatkär ýurtlawr Türkiýäniň, Gresiýanyň we Britaniýanyň daşary işler ministrleri bilen adanyň iki tarapyndan wekilleriň gatnaşmagyndaky halkara maslahatynda “Howpsyzlyk we hemaýatlar” meselesi seljeriler. Maslahata ÝB synçy derejesinde gatnaşar.

Maslahaty BMG-niň Baş Sekretary Antonio Guterres açar.

 



Degişli Habarlar