Kreml Brennanyň beýanatyna jogap berdi

Dmitriý Peskow düýn geçiren metbugat ýygnagynda žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi

Kreml Brennanyň beýanatyna jogap berdi

 

“ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp Russiýanyň döwlet başlygy Wladimir Putinden gorkýar” diýen ABŞ-niň Merkezi Razwedka gullugynyň ozalky müdiri Brennana rus hökümeti tarapyndan jogap geldi.  

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow ABŞ-niň Merkezi Razwedka gullugynyň ozalky müdiri Jon Brennanyň Trampyň Putinden gorkýandygy baradaky beýanatynyň ýalňyşdygyny belledi.

Dmitriý Peskow düýn geçiren metbugat ýygnagynda žurnalistleriň soraglaryna jogap berip: “Bu ýalňyş bir beýanat” diýdi.

Jon Brennan Amerikan lideriniň rus lider tarapyndan gorkuzylýandygyny ýa-da Moskwanyň geçirýän derňewiniň netijesinden gorkýandygyny belläpdi.



Degişli Habarlar