Russiýa ABŞ-nyň Siriýada DAİŞ bilen hyzmatdaşlyk edýändigini öňe sürdi

Bu barasynda Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýannamada aýdylýar

Russiýa ABŞ-nyň Siriýada DAİŞ bilen hyzmatdaşlyk edýändigini öňe sürdi

Russiýanyň Goranmak ministrligi terror guramasy DAİŞ-iň soňky merkezi bolan Siriýanyň Abu Kamal etrapçasyna guralan operasiýanyň ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň DAİŞ-e berýäň goldawyny ýüze çykarandygyny beýan etdi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 9-njy noýabrda rus goşunlarynyň atyşlaryndan gaçyp, gutulan DAİŞ terrorçylarynyň kilemetrlerçe uzynlykdaky ulag kerweni bilen Deýrez Zoryň Abu Kamal etrapçasyndan Siriýa-Yrak serhedindäki Sabha jülgesine tarap barýarka rus uçarmansyz howa ulaglary tarapyndan alynan fotosuratlaryny ýaýratdy.

Rus harby toparynyň halkara harby hyzmatdaşlygyna iki gezek ýüz tutup, Ýefrat derýasynyn kenaryndaky DAİŞ-e degişli ulag kerwenini ýok etmek üçin bilelikde operasiýa guramagy teklip edendigini nygtan ministrlik; “Amerikalylar Ženewa şertnamasyny tutaryk hökmünde görkezip” meýletin boýun egendiklerini” öňe sürüp, DAİŞ terrorçylaryna hüjüm guramagy çürt-kesik kabul etmedi” diýdi.

Ministrlik hyzmatdaş güýçleriniň Abu Kamaldaky terroçylary goramak üçin Russiýanyň awia-kosmos güýçleriniň operasiýasyny bökdemäge synanşandygyny nygtady.

Russiýanyň Goramak ministrligi ABŞ-nyň terrorçylary Ýakyn Gündogardaky bähbitlerine laýyklykda peýdalanmak üçin goraýandygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar