Eýran Saud Arabystanyny terrorçylara meçew bermekde günäkärledi

Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif Saud Arabystanyny terrorçylara meçew bermekde günäkärledi

Eýran Saud Arabystanyny terrorçylara meçew bermekde günäkärledi

Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif Saud Arabystanyny terrorçylara meçew bermekde günäkärledi.

Zarif Twitter arkaly beren beýanatynda “Terrorçylara meçew berýän, Ýemende söweşe sebäp bolan, Katarda durnuksyzlyk emele getiren we Liwanda krizise sebäp bolan Saud Arabystanynyň Eýrany sebiti durnuksyzlaşdyrmakda günäkärlemegi utandyryjy ýagdaý” diýdi.

Arap ligasynyň Daşary işler ministrleriniň Müsüriň paýtagty Kairde geçirlen maslahatynyň jemleýji jarnamasynda Eýran sebiti durnyksyzlaşdyrmakda günäkärlenipdi.

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Adil Al Jübeýr hem Fransiýada metbugata beren beýanatynda “İndi sabrymyz tükendi, Eýranyň duşmançylykly hereketlerine degişli jogaby bereris” diýipdi.

 

 



Degişli Habarlar