Erdogan Ierusalim hakynda Katolikleriň ruhany lideri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Erdogan bilen Papa Palestina döwletiniň gurulmagy meselesinde şol bir garaýşa eýediklerini nygtadylar

Erdogan Ierusalim hakynda Katolikleriň ruhany lideri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

 

Prezident R. T. Erdogan Ierusalimdäki soňky wakalar hakynda Katolikleriň ruhany lideri Papa Fransisk bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Mesele hakynda pikir alyşan Erdogan bilen Papa  Ierusalimde häzirki ýagdaýyň  goralmagy we 1967-nji ýyldaky serhetlere laýyklykda paýtagty Gündogar Ierusalim bolan  Palestina döwletiniň gurulmagy meselesinde şol bir garaýşa eýediklerini nygtadylar.

Papa Fransisk Watikandaky Papa Paulus XI zalynda çarşenbe günleri yzygiderli ýagdaýda geçirýän maslahatynda ABŞ-nyň İerusalim meýilnamasy barada durup geçipdi we “Men Ierusalim meselesindäki soňky habarlara uly alada bildirýändigini belläp geçmek isleýärin”diýmek bilen BMG-nyň kararlaryna laýyklykda şäheriň statusynyň goralyp saklanmagyna sarpa goýulmagy çagyryşyny beripdi.



Degişli Habarlar