" Eýranyň ýadro şertnamasynyň arkasyna bukulyp halkara kadalary basgylamagyna rugsat berilmez"

Haýleý Eýranyň durnuklylyga wehim salýan hereketlerine asla rugsat bermejekdigini nygtady

" Eýranyň ýadro şertnamasynyň arkasyna bukulyp halkara kadalary basgylamagyna rugsat berilmez"

 

ABŞ-nyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Nikki Haýleý Eýranyň ýadro şertnamasynyň arkasyna bukulyp halkara kadalary basgylamagyna rugsat berilmezligini isledi.

Haýleý beren ýazmaça beýanatynda ýurdunyň ýadro şertnamasyna laýyklykda hereket etjekdigini emma Eýranyň durnuklylyga wehim salýan hereketlerine asla rugsat bermejekdigini nygtady.

Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif hem Twitter arkaly  Trampyň karary barada ýüzlenme berdi.

Zarif ýadro şertnamasynyň ýaňadandan seljerlip bilinmejekdigi ýene-de bir gezek gaýtalady we Trampy şertnamanyň ýerine ýetirliş etabyny bökdemekde günärkärledi.

Germaniýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýanatda bolsa Eýran bilen ýadro şertnamasynyň ýerine ýetirliş etabynda öňe gidişlik edilmegi üçin Britaniýa we Fransiýa bilen birlikde işleşmäge dowam etjekdikleri nygtaldy.

 

 

 



Degişli Habarlar