Saud Arabystany ýeke başyna syýahat etmek isleýän zenanlara wiza berer

Saud Arabystanynyň hökümeti 25 ýaş we ondan ýokary bolan ýaşdaky ýeke başlaryna syýahat etmek isleýän zenanlara turistik wiza bermäge başlar

Saud Arabystany ýeke başyna syýahat etmek isleýän zenanlara wiza berer

30 günlik turistik wiza alan zenanlar mundan beýläk ýanlarynda maşgala agzalarynyň erkekleri bolmadan hem ýurda girip biler.

Ýurdyň mirasdar Şazadasy Muhammet Bin Selman syýahatçylyk pudagyny janlandyrmak, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we ýurdyň aşa konserwant adyny düzeltmek üçin ençeme ýeňillikler döretmäge başlady.

Mekge we Medine şäherlerinden başga täze syýahatçylyk zolaklaryny döredip, ýurtda iş orunlar artdyrylmak islenýär.

Mirasdar Şazada 1-nji awgustda Gyzyl deňizde el degmedik 50 aýry adada guruljak dynç alyş merkeziniň halkara syýahatçylyk taslamasy boljakdygyny beýan edipdi.

Ýarym özbaşdak statusyna eýe boljak we şerigat kanunlarynyň ýerine halkara kanunlar bilen dolandyryljak syýahatçylyk zolagyň ilkinji tapgyrynyň 2022-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar