Tramp Eýranyň sanksiýalardan  boşadylmagy üçin berlen möhledi soňky gezek uzatdy

Ak Tamdan berlen beýanatda dördünji we soňky gezek uzadylan şertnama üýtgetme girizilmegi islenýär

Tramp Eýranyň sanksiýalardan  boşadylmagy üçin berlen möhledi soňky gezek uzatdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Eýran bilen baglaşylan ýadro şertnamasynyň çäginde Eýranyň sanksiýalardan  boşadylmagy üçin berlen möhledi soňky gezek uzatdy.

ABŞ-nyň Eýran bilen 5+1 ýurtlarynyň ýagny ABŞ-nyň, Britaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Russiýanyň we Germaniýanyň arasynda 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro şertnamasynyň sanksiýalar hakyndaky maddasyny bes etmejekdigini aýan eden ýolbaşçylary, Eýranyň sanskiýalardan boşadylmagy hakyndaky maddanyň möhlediniň 120 gün uzadylandygyny ýatlatdy.

Ak Tamdan berlen beýanatda dördünji we soňky gezek uzadylan şertnama üýtgetme girizilmegi islenýär.

Beýanatda Eýranyň sebiti durnuksyzlaşdyrýan hereketlerini bes etmegi üçin Eýrana basyş edilmelidigi nygtaldy.

Beýanatda mundan başgada resmi Tährana eýranlylaryň esasy hak-hukuklaryna sarpa goýulmagy çagyryşy berildi.

Amerikanyň hökümetiniň Eýranyň sansiýalardan boşadylmagy hakyndaky maddanyň möhledini uzatmak barada karar kabul edýärkä şol bir wagtda hem Eýrana täze sansikalar goýmagy ünsleri özüne çekdi.

ABŞ-nyň Gazna ministrligi Eýranda adam hukuklaryny basgylaýandygy we ýaraglanma goldaw berýändigi sebäpli 14 adam bilen gurama sanskiýa goýjakdygyny mälim etdi.

 

 



Degişli Habarlar