Tillerson: “Siriýada haýsydyr bir serhet howpsyzlyk güýjüni döretmeýäris”

ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Reks Tillerson Siriýada haýsydyr bir serhet howpsyzlyk güýjüni döretmeýändiklerini beýan etdi

Tillerson: “Siriýada haýsydyr bir serhet howpsyzlyk güýjüni döretmeýäris”

Tillerson Türkiýä düşündiriş bermäge borçlydyklaryny kabul edip, “Siriýada haýsydyr bir serhet howpsyzlyk güýjüni döretmeýäris” diýdi.

Amerikan mediasynda berilen habarlara görä Tillerson Amerikanyň Kaliforniýa ştatyndaky Stanford uniwersitetinde beren konferensiýasyndan soň Waşingtona gaýdyşyn uçarda metbugat işgärleriniň soraglaryna beýanat berdi.

Türkiýäniň “terror goşunyna” görkezýän reaksiýasyna düşünýändigini aýdan Tillerson, Siriýada “ýerli güýçler” hökmünde atlandyran terror guramasy PKK/PÝD-niň agzalaryna tälim bermekleriniň ýeke-täk sebäbiniň terror guramasy DAİŞ-den saklanan ýerlerdäki howpsyzlygy üpjün etmekden ybaratdygyny nygtady.

Reks Tillerson Stanford uniwersitetinde düýn agşam eden çykyşynda Türkiýäniň aladalary we Siriýa serhedi barada beýanat berdi.

“Türkiýäniň aladalaryna düşünýäris we oňa çynlakaý çemeleşýäris” diýen Tillerson: “Siriaýda 2011-nji ýylda Yrakda goýberen ýalňyşlygymyzy gaýtalamarys” diýdi.

2011-nji ýylda ABŞ-nyň Yrakdan biwagt çykmagynyň Al Kaýda howpsyz gaçybatalga döredendigini we emele gelen boşlugyň DAİŞ-iň döremegine sebäp bolandygyny öňe süren Tillerson; “ABŞ-nyň Siriýadaky harby güýji DAİŞ-iň dolanyp gelmeginiň öňüni almak üçin dowam eder” diýdi.

Reskz Tillerson: “Türkiýe ýaly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde terrora garşy göreşimizi dowam etdireris” diýip nygtady.

NATO agza bolup durýan Türkiýäniň terror guramasy DAİŞ-iň ýeňilmegi we siriýaly bosgunlary kabul etmekde uly goşandynyň bardygyna ünsi çeken Tillerson: “İdlibde we Türkiýäniň PKK terrorçylar bilen bagly nirede aladasy bar bolsa şol ýerde göreşmäge dowam ederis” diýdi.

 



Degişli Habarlar