Tramp Russiýany Demirgazyk Koreýa ýardam bermekde günäkärledi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Russiýany Demirgazyk Koreýa ýardam bermekde günäkärledi

Tramp Russiýany Demirgazyk Koreýa ýardam bermekde günäkärledi

Tramp Demirgazyk Koreýanyň ykdysady sanksiýalaryň täsirinden Russiýanyň ýardamlary netijesinde halas bolandygyny öňe sürdi.

Roýter habarlar gullugyna beýanat beren Prezident Tramp “Russiýa Demirgazyk Koreýa meselesinde bize hiç goldaw bermeýär” diýdi.

Tramp Hytaýyň Demirgazyk Koreýa basyş etmek üçin edýän tagallasy barada bolsa öwgüli sözler aýtdy.

Demirgazyk Koreýanyň ABŞ-na roketa atmak üçin pursada garaşýandygyny öňe süren Tramp, ýurduna has köp roketa goranyş ulgamynyň gerekdigini belledi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen duşuşmak isleýändigini we emma duşuşygyň netijer berjekdigine ynanmaýandygyny nygtady.

 

 



Degişli Habarlar