Gürjistanyň ozalky Prezidenti Mihail Saakaşwili ÝB-den kömek sorady

Ukrainadan deport edilen Gürjistanyň ozalky Prezidenti Mihail Saakaşwili ÝB-den we esasan Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkelden kömek sorady

Gürjistanyň ozalky Prezidenti Mihail Saakaşwili ÝB-den  kömek sorady

Saakaşwili nemes Bild gazetine beren beýanatynda “Ukrainanyň Prezidenti Petro Poroşenkonyň ýurdunda uly kynçylyk emele getirendigini we eden galplyklaryny ýüze çykarandygy sebäpli özündi ýok etmek isländigini” aýtdy.

Saakaşwili “Angela Merkeliň başda durmagynda ÝB gyssagly işe girişmese Ukraina bölüner” diýdi.

Saakaşwili duşenbe güni Ukrainanyň paýtagty Kiýewde partiýasynyň merkezi jaýynyň golaýyndaky naharhanada günorta naharyny iýýärkä howpsyzlyk güýçleri tarapyndan saklanypdy we ýörite uçar bilen Polşanyň paýtagty Warşawa ugradylypdy.

Poroşenko tarapyndan ýurtan çykarlandygyny aýdýan Saakaşwili ýaňandandan Ukraina gitmek isleýändigini nygtaýar.

Saakaşwili “uly mitingler geçirjekdigini we legal ýollardan Ukraina gitjekdigini” habar berdi.

 



Degişli Habarlar