Moskwanyň golaýynda ýere gaçan Rus uçarynyň näme sebäpli heläkçilige uçrandygy aýan edildi

Moskwadan Orsk şäherine uçanyndan birnäçe minut soň ýere gaçan rus ýolagçy uçary An-148-iň gara gutusynyň üstünde geçirilen derňewler tamam boldy

Moskwanyň golaýynda ýere gaçan Rus uçarynyň näme sebäpli heläkçilige uçrandygy aýan edildi

Uçaryň ýalňyş uçuş tizligi maglumatyndan ýere gaçan bolmagynyň ähtimaldygy mälim edildi.

Russiýanyň Raýat awiasiasy tarapyndan berilen beýanatda: “Uçar uçanyndan 2 minut 30 sekunt soň, 1300 metr beýiklikde, sagatda 465 bilen 470 km tizlige çykan mahaly mesele ýüze çykdy” diýildi.

Komitet: “Uçaryň ýazgylaryndaky maglumatlaryň üstünde geçirilen derňewlerde we ozal bolan şuňa meňzeş wakalarda geçirilen barlag-seljeriş işlerinde, uçuş mahalyndaky meseläniň uçarmanlaryň howa tizligi görkezijilerindäki ýalňyş maglumatlardan gaçan bolup biljekdigini görkezýär. Görkezijilerdäki ýalňyş maglumatlaryň bolsa ýyladyş ulgamynyň işlemändigi sebäpli emele gelen buzlanmadan bolandygy pikir edilýär” diýildi.

Beyanata görä uçuşda uçarda bar bolan 3 görkezijidäki ýyladyş ulgamy ýapykdy.

Gara gutudaky beýleki 15 gatnawa degişli ýazgylarda bolsa ýyladyş ulgamynyň uçmadan ozal açylandygyny görüp bolýar.


Etiketkalar: komitet , beýanat , Orsk , uçar , Moskwa

Degişli Habarlar