Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yndan çagyryş...

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn Günorta Koreýa bilen Olimpia oýunlarynyň üsti bilen döredilen Ylalaşygyň we dialogyň mylaýym klimatynyň has hem janlandyrylyp, dowam edilmelidigi barada çagyryş berdi

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yndan çagyryş...

Kim Çen Yn Günorta Koreýa 1953-nji ýyldaky ylalaşykdan bäri sapar guran Demirgazyk Koreýaly ýokary derejeli resmiler bolan we Phýonçhan Gyşky Olimpia oýunlaryndaky duşuşyklaryny tamamlap, ýurda gaýdyp gelen Demirgazyk Koreýanyň Işçi partiýasynyň Politbýurosynyň agzasy gyz jigisi  Kim Ýo-Çon we Demirgazyk Koreýanyň mejlisiniň başlygy Kim Ýon-Nam bilen duşuşdy.

Duşuşyga şeýle hem Milli Sport komitediniň başlygy Çoe Hwi we Ýurdyň parahatçylykly birleşmegi komitediniň başlygy Ri Son-Gwon gatnaşdy.

Demirgazyk Koreýanyň KCNA habarlar agentligi duşuşyk bilen bagly surat paýlaşdy.

KCNA-nyň berýän habaryna görä Demirgazyk Koreýanyň lideri ýurdynyň wekiliýetiniň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyna öwgüli sözler aýtdy we edilen işlere hoşallyk bildirdi.

Kim Çen Yn Günorta Koreýanyň myhmansöýerligi we Demirgazyk Koreýadan baran wekiliýetiň arkaýyn bolmagy üçin eden tagallalaryna we wekiliýete görkezilen ähmiýet sebäpli minnetdarlyk bildirdi.

Demirgazyk we Günorta Koreýanyň umumy ygtyýary we güýçli arzuwy bilen döredilen Ylalaşygyň we dialogyň mylaýym klimatynyň has hem janlandyrylyp gowy netijeler alynmagynyň möhümdigini aýdan Kim Demirgazyk Koreýa-Günorta Koreýa gatnaşyklarynyň özgerdilmelidigini nygtady we bu babatda ediljek ädimler üçin wajyp buýruklar berdi.



Degişli Habarlar