ABŞ Russiýa garşy täze sanksiýalary girizmäge taýarlyk görýär

ABŞ-nyň BMG-däki hemişelik wekili Nikki Heýli Siriýada merkezi hökümediň himiki ýarag saklamagyna we olary ýasamaga kömek beren rus kärhanalaryna garşy täze sanksiýalar girizjekdiklerini habar berdi

ABŞ Russiýa garşy täze sanksiýalary girizmäge taýarlyk görýär

Nikki Heýli Amerikanyň CBS telewideniýesine gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglara jogap berdi.

Gepleşikde ABŞ bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň üstünde durup geçen Heýli Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň himiki ýarag saklamagyna we olary ýasamaga kömek beren rus kärhanalaryna garşy täze sanksiýalar girizjekdiklerini habar berdi.

Heýli: “Russiýa garşy täze sanksiýalar giriziler. Maliýe ministri Stiwen Mnuçin duşenbe güni şol sanksiýalary aýan eder. Sanksiýalar gönüden-göni Asad we himiki ýarag ulanylmagy bilen baglanşykly rus kärhanalara garşy giriziler” diýdi.

Nikki Heýli ''Fox News Sunday'' gepleşiginde bolsa Russiýanyň Wenesuelada Madura, Siriýada Asada goldaw berip we Eýran bilen hyzmatdaşlyk edip ýalňyş aktýorlar bilen iş salyşýandygyny, Russiýanyň gowy dostunyň galmandygyny we bolanlaryň hem Russiýa zeper ýetirýändigini belledi.



Degişli Habarlar