Ermenistanda Serž Sarkisýana garşy demonstrasiýalar geçirilýär

Ermenistanda müňlerçe adam ýurdyň ozalky Prezidenti Serž Sarkisýanyň Premýer ministr wezipesine dalaşgär hödürlenmegi sebäpli köçelere çykdylar

Ermenistanda Serž Sarkisýana garşy demonstrasiýalar geçirilýär

Parlamantde ertir ýurdyň ozalky Prezidenti Serž Sarkisýanyň Premýer ministr wezipesine saýlanyp-saýlanmazlygy bilen baglanşykly ses berilşik geçiriler. 

Başda ýurdyň paýtagty Ýeriwan bolmak bilen ençeme şäherde müňlerçe adam demonstrasiýa geçirýärler. 

Ýeriwanda müňlerçe adam parlamente, uniwersitetlere we resmi binalara barýan ýollary ýapdylar.

Demonstrantlar ýollaryň üstünde oturyp demonstrasiýa geçirýärler. 

Ýerli habar saýtlary demonstrantlaryň Ermenistanyň halk radiosyna girip, göni ýaýlymy kesendiklerini habar berdiler. 

Ermenistanyň iň uly 2-nji şäheri Gumride hem uly protest ýörişiň başlandygy mälim edildi. 

2008-nji ýylda Ermenistanyň Prezident wezipesine saýlanan Serž Sarkisýan 2 möhlet wezipede galanyndan soň, geçen hepde wezipeden çekilipdi we hökümediň başyndaky partiýa tarapyndan Premýer ministr wezipesine dalaşgär hökmünde görkezilipdi. 

63 ýaşly Sarkisýanyň Premýer ministr wezipesine geçmeginden ozal Ermenistanyň konstitutsiýasyna üýtgeşikliler girizilipdi we ençeme ygtyýar Premýer ministre berilipdi.  

 



Degişli Habarlar