Aýlag ýurtlary Hizbullahyň Baş sekretary Hasan Nasrallahy terror sanawyna aldy

Saud Arabystany Liwandaky Hizbullah guramasynyň Baş sekretary Hasan Nasrallah we orunbasary Naim Kasym bilen birlikde 8 adamy we 2 guramany terror sanawyna aldy

Aýlag ýurtlary Hizbullahyň Baş sekretary Hasan Nasrallahy terror sanawyna aldy

Saud Arabystanynyň resmi SPA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Hizbullahyň karar organy Şura geňeşiniň agzalasy Nasrallah we Kasym bilen birlikde Muhammed Ýezbek, Hüseýin Halil, İbrahm Emin As Seýýid terror sanawyna alyndy.

Ady agzalýan kararyň ABŞ, Bahreýin, Kuweýt, Umman, Katar we Birleşen Arap Emirlikleri bilen birlikde kabul edilendigi ýatladyldy.

ABŞ hem ýaňy ýakynda Hizbullahyň Baş sekretary Nasrallaha goýlan sanksiýalaryň göwrüminiň giňeldilendigini we Naim Kasym bilen birlikde guramanyň 4 ýolbaşçysynyň ilkinji gezek sanskiýa sanawyna alynandygyny habar beripdi.

 

 



Degişli Habarlar