Owganystanda Talibana agza terrorçylar Farah welaýatyna ýaňadandan hüjüm etmäge başlady

Owganystanda terror guramasy Taliban agza terrorçylar ýurdyň günbatarynda ýerleşýän Farah welaýatynyň merkezine ikinji gezek hüjüm guramaga başlady

Owganystanda Talibana agza terrorçylar Farah welaýatyna ýaňadandan hüjüm etmäge başlady

Resmiler Polisiýanyň egin-eşigini geýen terrorçylaryň düýn gije Farahyň merkezine ýaňadandan agyr ýaraglar bilen hüjüm etmäge başlandygyny habar berdiler.

Terrorçylaryň esasan hem Farahyň Içeri işler müdürliginiň we Merkezi tussaghananyň binalaryny nyşana alýandygy, sebitde güýçli partlama sesleriniň eşidilýändigi beýan edildi.

Howpsyzlyk güýçleri bilen terrorçylaryň arasyndaky çaknyşyk dowam edýär.

Beýleki tarapdan Bilim ministrligi Farah welaýatyndaky çaknyşyklar sebäpli welaýatyň merkezindäki mekdeplere arakesme berilendigini habar berdi.

Talibana agza terrorçylaryň 12-nji maýda Farah welaýatynyň merkezine dört aýry ýerden guran hüjümde 30 adam ýogalypdy.

Welaýatyň merkeziniň bir bölegini basyp alan Talibana garşy başladylan operasiýada terrorçylaryň 200-si öldürilipdi we guramanyň agzalary yzyna serpikdirilipdi.



Degişli Habarlar