Yrakly türkmenler saýlawlarda galplyk edilendigi sebäpli başladan ýörişlerini dowam etdirýär

4 gün ozal başladan ýörişlerini dowam edýär

Yrakly türkmenler saýlawlarda galplyk edilendigi sebäpli başladan ýörişlerini dowam etdirýär

Yragyň Kerkuk şäherinde ýaşaýan türkmenler saýlawlarda galplyk edilendigi sebäpli 4 gün ozal başladan ýörişlerini dowam etdirýär.

Hakimligiň öňünde bir ýere jemlenşen topar diňe Kerkuk şäherinde däl eýsem ýurtda türkmenleriň ýaşaýan ähli şäherlerinde we etraplarynda saýlawlarda galplyk edilendigini öňe sürdi we bu kemçiligiň düzedilmegini isledi.

Demonstrantlar türkmenleriň beren sesleriniň ogurlanmagyna garşy göreşlerini oňyn netije alynýança dowam etdirjekdiklerini belledi.

Türkmenler 12-nji maýda şenbe güni geçirlen saýlawda beren sesleriniň ogurlanandygyny we kürtlere ses beren ýaly görünýändiklerini öňe sürüp ýöriş başladypdy.

Türkmenleriň görkezýän garşylygy sebäpli Premýer ministr Haýdar Al Abadi “sesler ýaňadandan ýeke-ýekeden sanalsyn” diýipdi.

Emma Yragyň kanunlaryna görä, Ýokary saýlaw geňeşiniň karary bolmazdan sesler ýaňadandan sanalyp bilinmeýär.

Ýokary saýlaw geňeşi bolsa heniz beýle karar kabul etmedi.



Degişli Habarlar