Demirgazyk Koreýa ABŞ-niň Wise-prezidenti Maýk Pense reaksiýa bildirdi

ABŞ-niň Wise-prezidenti Maýk Pense Demirgazyk Koreýanyň ABŞ bilen ýadro gepleşikler geçirmelidigini ýogsam, bu ýurdyň soňunyň Liwiýa meňzäp biljekdigini öňe sürüpdi

Demirgazyk Koreýa ABŞ-niň Wise-prezidenti Maýk Pense reaksiýa bildirdi

Demirgazyk Koreýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Çoe Son-Hui ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň arasynda 12-nji iýunda geçirilmegi meýilleşdirilen duşuşygyň geçirilip-geçirilmejekdigi barada ýaňadandan pikir etjekdiklerini belledi.

Demirgazyk Koreýanyň resmi habarlar agentligi KCNA-nyň habaryna görä Çoe ABŞ-niň Wise-prezidenti Maýk Pensiň Demirgazyk Koreýanyň Liwiýa ýaly boljakdygy baradaky baýanatyny akmaklyk we nadanlyk hökmünde häsýetlendirdi.  

Çoe Pensiň Demirgazyk Koreýanyň ýagdaýyna düşünmeýändigini nygtady.

ABŞ-e dialog üçin asla ýalbarmajakdyklaryny aýdan Çoe ABŞ-niň Demirgazyk Koreýa bilen dialog geçirmeginiň ýa-da Phenýan bilen ýadro babatynda gepleşikler geçirmeginiň ABŞ-niň etjek ädimlerine baglydygyny belledi.

ABŞ-niň Wise-prezidenti Maýk Pense Demirgazyk Koreýanyň ABŞ bilen ýadro gepleşikler geçirmelidigini ýogsam, bu ýurdyň soňunyň Liwiýa meňzäp biljekdigini öňe sürüpdi.  



Degişli Habarlar