Gazada Ysraýylyň hüjümlerinde ýaralanan ýene-de 2 palestinaly şehit boldy

100-den gowrak palestinaly Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleri tarapyndan şehit edildi

Gazada Ysraýylyň hüjümlerinde ýaralanan ýene-de 2 palestinaly şehit boldy

Gaza serhedinde geçirlen Uly ýörişde Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň ot açmagy netijesinde ýaralanan ýene-de 2 palestinaly şehit boldy.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat geňeşçisi Eşref Al Kudra mesele barada ýazmaça beýanatynda Gazadaky Al Bureýj bosgun düşelgesiniň golaýyndaky serhet ýakasynda geçirlen ýörişde ýaralanan 23 ýaşyndaky Ahmed Ali Mustafa Kattuş bilen 21 ýaşyndaky Muhenned Bekir Abu Tahunyň şehit bolandygyny habar berdi.

Palestinalylar Toprak gününiň 42-nji ýylynyň çäginde 30-njy martdan bäri gabaw astyndaky Gaza sektorynyň Ysraýyl serhedinde Uly ýöriş ady bilen parahatçylykly maksatly ýöriş geçirýär.

Ysraýylly esgerler bolsa 2006-njy ýyldan bäri Gaza goýulýan gabawyň bes edilmegini talap edýän asuda ilata garşy hakyky gülleler bilen ot açýar.

Ýörişlerde žurnalistler we çagalar bilen birlikde 100-den gowrak palestinaly Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleri tarapyndan şehit edildi, müňlerçe palestinaly hem ýaralandy.

 


Etiketkalar: Gaza , şehit boldy , çaga , Palestina

Degişli Habarlar