Wekiller Palatasy Trampyň Eýrana operasiýa guramagyna rugsat bermedi

Tramp Tährana agyr sanksiýalar goýjakdygyny beýan edipdi

Wekiller Palatasy Trampyň Eýrana operasiýa guramagyna rugsat bermedi

ABŞ-nyň Wekiller Palatasy Prezident Donald Trampyň Eýrana harby operasiýa guramagyna razylyk bildirmedi

ABŞ-nyň Kongresiniň aşakky bölegi bolan Wekiller Palatasy 2019-njy ýyly Milli gyranyşy ygtyýarlandyryş kanuna girizen üýtgetmesi bilen Prezident Trampyň Kongresden rugsat almak Eýrany harby operasiýa guramagynyň öňüni ýapdy.

Wekiller Palatasynyň Demokrat partiýadan halk deputaty Keit Mauris Elison tarapyndan teklip edilen we Demokratlar bilen birlikde Respublikaçylar tarapyndan hem goldanan üýtgetme bir agyzdan kabul edildi.

Girizilen üýtgetme barada Twitter hasabyndan habarnama ýazan Ellison: “Wekiller Palatasy şu hepde iki partiýanyň üýtgetmäni kabul etmegi netijesinde Prezidente Eýrana garşy harby hüjüm ygtyýaryny berýän kanunyň ýokdugyny aç-açan beýan etdi” diýdi.

Ellison habarnamasynda: “Şol üýtgetmäniň bir ağyzdan kabul edilmegi Trampyň Eýran bilen gazanylan ylalaşykdan çekilmegine we barha dartgynlaşýan duşmançylykly diskursyna berilen güýçli jogap boldy. Şu gün Kongres harby güýjüň ulanylmagy baradaky ygtyýaryny yzyna almak üçin işe girişdi” diýip ýazdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp Eýran bilen P5+1 ýurtlarynyň arasynda 2015-nji ýylyň iýulynda gol çekişilen ylalaşykda çekilip, Tährana agyr sanksiýalar goýjakdygyny beýan edipdi.

 



Degişli Habarlar