Russiýa Tramp-Kim duşuşygyndan hoşal

Russiýanyň hökümeti Donald Tramp-Kim Çen Yn duşuşygyndan hoşal

Russiýa Tramp-Kim duşuşygyndan hoşal

Russiýanyň hökümeti ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp we Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň Singapurda geçiren duşuşygyndan hoşaldygyny beýan etdi.

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow beren beýanatynda Tramp bilen Kimiň gönüden-göni dialogyna hoşallyk bilen kabul edendiklerini belläp: “Netijesi nähili bolsa bolsun bular ýaly maslahatlar ýarymadadaky dartgynlygyň bes edilmegine goşant goşar we ýagdaýy birnäçe aý ozaldaky ýaly tankydy nokatdan uzaklaşdyrýar. Bu örän guwandyryjy bir wakadyr” diýdi.

Dmitriý Peskow rus tarapynyň we ýurdyň Prezidenti Wladimir Putiniň Koreýa ýarymadasy meselesiniň çözgüdiniň ýeke täk ýolunyň gönüden dialogdygy baradaky garaýşynyň maslahatda tassyklanandygyny belledi.



Degişli Habarlar