Owganystanda ýene-de bir hüjüm guraldy

Guralan soňky hüjümde bolsa 14 adam ýogaldy

Owganystanda ýene-de bir hüjüm guraldy

Owganystanyň Jelalabad şäherinde häkimligiň öňünde guralan kamikaze hüjüminde 14 adam ýogaldy, 45 adam ýaralandy. 

Nangarhar welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Ataullah Hogýani hüjümçiniň üstündäki bombany Jelalabad şäherinde ýerleşýän Nangarharyň gubernatorlygynyň öňünde partladandygyny habar berdi. 

hüjümed 14 adamyň ýogalandygyny aýdan Ataullah Hogýani 45 adamyň bolsa ýaralanandygyny beýan etdi. 

Hogýani hüjümiň wagtlaýyn ylalaşyk baglaşan Taliban bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasyndaky baýram gutlamak dabarasynda guralandygyny mälim etdi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan tarap ýok. 

 



Degişli Habarlar