Eýran: ABŞ ýurtda gozgalaň turuzmak isleýär

Eýranyň Wise-prezidenti Ishak Jihangiri ABŞ-niň ýurduna garşy edýän ykdysady basyşlary bilen ýurtda gozgalaň turuzmak we halky köçä çykarmak isleýändigini nygtady

Eýran: ABŞ ýurtda gozgalaň turuzmak isleýär

Yspyhan welaýatynda çykyş eden Ishak Jihangiri ABŞ-niň Ysraýyl we Saud Arabystany bilen hereket edýändigini belläp: “Bolup biljek ähli ssenariýleri ara alyp maslahatlaşdyk we iň erbet ssenariý üçin taýýarlyk görýäris” diýdi.

ABŞ-niň Eýranyň nebit eksportyna böwet bolmaga synanyşmagynyň üstünde durup geçen Jihangiri: “Nesip bolsa amerikalylara Eýranyň nebit satyşyny duruzyp bilmejekdigini şu ýyl ýerine ýetirjek göçümlerimiz bilen görkezeris” diýip belledi.

Jihangiri meýilnamalarynyň arasynda nebiti ýurdyň içindäki biržada satmagyň bardygyny nygtady.



Degişli Habarlar