Yrakda üç welaýatda köçä çykmak gadagan edildi

Yragyň günortasynda başlan we paýtagt Bagdada çenli gelen ýörişler sebäpli hökümet internedi kesdi

Yrakda üç  welaýatda köçä çykmak gadagan edildi

Yragyň Basra, Kerbela we Nejef welaýatlarynda gündelik durmuş şertleri, işsizlik we elektrik togunyň ýygy-ýygydan kesilýändigi sebäpli başlan protest ýörişlerini gözegçilik astyna almak üçin köçä çykmak gadagan edildi.

Goranmak ministrligi ýurduň günortasynda şaýylaryň köpçülikleýin ýaşaýan Basra, Kerbela we Nejef welaýatlarynda geçirilýän protest ýörişleriniň gözegçilik astyna alynmagy maksady bilen ikinji duýduryşa çenli köçä çykmagyň gadagan edilendigini yglan etdi.

Yragyň günortasynda başlan protest ýörişleri dowam edýär we ýörişleriň çäginde käbir şäherlerdäki şaýy partiýalaryň binalary oda berildi.

Yragyň günortasynda başlan we paýtagt Bagdada çenli gelen ýörişler sebäpli hökümet internedi kesdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar