Donald Tramp Ýewropany duşman hökmünde häsýetlendirdi

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp Ýewropa Bileleşigini duşman hökmünde häsýetlendirdi

Donald Tramp Ýewropany duşman hökmünde häsýetlendirdi

Donald Tramp Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşyk geçirmeden ozal, Finlýandiýanyň paýtagty Helsinki şäherinde CBS telewideniýesine beýanat berdi.

Tramp: “Biziň köp duşmanymyz bar. Söwdada biz edenleri babatynda ÝB-niň duşmandygyny pikir edýärin. Ýewropa Bileleşiginden garaşmarsyňyz, emma olar duşman” diýdi.

Hytaýy, ykdysady taýdan Russiýany hem tapawutly meseleler boýunça duşman hökmünde häsýetlendiren Tramp: “Emma bu olaryň erbetdigini görkezmeýär. Hiç zat diýmek däl. Olaryň bäsdeşdigi manysyny aňladýar” diýip belledi.

Ýewropany näme üçin duşman sanawynyň iň başyna goýandygy bilen bagly soraga Tramp Ýewropa ýurtlarynyň ABŞ-den beslenýändigini, emma bu ýurtlaryň aglabasynyň NATO-nyň çäginde beren sözlerini ýerine ýetirmeýändigini nygtady.

Tramp geçen hepde NATO maslahatyna gatnaşmak üçin Belgiýanyň paýtagty Brýussele barypdy. Ondan soň Britaniýanyň paýtagty Londona baran Tramp, şu gün bolsa Helsinki şäherinde Putin bilen duşuşyk geçirer.


Etiketkalar: duşman , ÝB , Ýewropa , Donald Tramp

Degişli Habarlar