DAIŞ-e agza terrorçylar Talibanyň bazasyna hüjüm guradylar

Hadysa bilen baglanşykly terror guramalarynyň ikisinden hem beýanat berilmedi

DAIŞ-e agza terrorçylar Talibanyň bazasyna hüjüm guradylar

Owganystanyň demirgazygyndaky Sari Pul welaýatynda terror guramasy DAIŞ tarapyndan Taliban gurmasyna degişli baza guralan ýaragly hüjümde Talibana agza 15 terrorçy öldürildi. 

Sari Pul welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Zabihullah Amani DAIŞ-e agza terrorçylaryň Sari Pul welaýatynyň Saýýad etrabyndaky Talibanyň bazasyna hüjüm gurandygyny habar berdi. 

Metbugat geňeşçi Zabihullah Amani hüjümde 15 terrorçynyň ölendigini, 5 terrorçynyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi. 

Hadysa bilen baglanşykly terror guramalarynyň ikisinden hem entek beýanat berilmedi.

 


Etiketkalar: DAIŞ , Taliban , Owganystan

Degişli Habarlar