Moskwa we Sankt-Peterburg şäherlerinde protestler geçirildi

Russiýanyň paýtagty Moskwada we Sankt-Peterburg şäherinde hökümetiň reforma hökmünde taýýarlan pensiýa çykmak ýaşyny ýokarladýan kanun taslamasyny müňlerçe adam protest etdi

Moskwa we Sankt-Peterburg şäherlerinde protestler geçirildi

Moskwada ýerleşýän Sokolniki seýilgähinde kanun taslamasyny protest etmek üçin müňlerçe adam bir ýere jemlendi.

Proteste Russiýa Federasiýasynyň Komunist partiýasy bilen Alma partiýasy hem goldaw berdi.

Çep fronty hereketiniň koordinatory Sergeý Udaltsow Twitter hasabyndan beren beýanatynda Moskwadaky mitinge takmynan 10 müň adamyň gatanaşandygyny habar berdi.

Ýerli metbugat demonstrasiýalarda 14 adamyň göz tussaglygyna alynandygyny mälim etdi.

2018 FIFA Dünýä kubogy sebäpli ozal Moskwada we ýaryşlaryň geçirilýän şäherlerinde demonstrasiýalaryň geçirilmegine rugsat berilmändi.

Russiýanyň hökümeti öňümizdäki ýyldan başlap hormatly dynç alyşa çykmak ýaşyny (pensiýa) ýuwaş-ýuwaşdan erkekler üçin 60-dan 65 ýaşa, zenanlar üçin bolsa 55-den 63 ýaşa ýokarladylmagyny özünde jemleýän kanun taslamasyny 14-nji iýunda Dumanyň garamagyna hödürläpdi.

Kanun taslamasy 19-njy iýulda Dumada ara alynyp maslahatlaşylar.


Etiketkalar: protest , Sankt-Peterburg , Moskwa

Degişli Habarlar