Fransiýa, Ysraýyl bilen Gazanyň arasynda dartgynlygyň artmagyny ýazgardy

Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde göwreli zenan we 1,5 ýaşyndaky çagajyk bilen birlikde 3 palestinaly şehit bolupdy

Fransiýa, Ysraýyl bilen Gazanyň arasynda dartgynlygyň artmagyny ýazgardy

Fransiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, Ysraýylyň gabawy astyndaky Gaza sektorynda birnäçe ýeri bombalanandygyna we hüjümden soň Gazadan Ysraýyla raketa atylandygyna üns çekildi.

Beýanatda asuda ilatyň ýitgi çekmezligi üçin iki tarapyň hem hüjümleriň bes edilmegi baradaky ylalaşyga laýyklykda hereket etmegi üçin çagyryş berildi.

Beýanatda, “Bu wakalar Gaza üçin yzygiderli syýasy çözgüt tapmak we Palestinanyň halkyna ýaramaz täsirini ýetirýän gumanitar krizisiň gyssagly çözülmegi meselesini gün tertibine getirýär. Fransiýa Ýewropaly hyzmatdaşlary bilen bu ugurdaky işlere goldaw bermäge dowam eder” diýildi.

Ysraýylyň ýaragly güýçlerinden berlen ýazmaça beýanatda bolsa çarşenbe gününden bäri Gazada 150-den gowrak ýeriň harby uçarlar bilen bombalanandygy, Gazadan hem 180 raketanyň atylandygy nygtalypdy.

Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde göwreli zenan we 1,5 ýaşyndaky çagajyk bilen birlikde 3 palestinaly şehit bolupdy, azyndan 12 palestinaly ýaralanypdy.

 


Etiketkalar: ýazgardy , Fransiýa , Ysraýyl

Degişli Habarlar