Owgan hökümeti 26 ýyl soň öz howa giňişligini gözegçilik astyna aldy

Täze gurlan radar ulgamynyň gymmaty 30 milliard dollara barabar

Owgan hökümeti 26 ýyl soň öz howa giňişligini gözegçilik astyna aldy

Prezidentiň metbugat geňeşçisi Şah Hüseýin Murtezewi 26 ýyldan bäri owgan howa giňişliginiň gözegçiliginiň daşary ýurtlarda bolandygyny nygtady.

Kabulyň Halkara howa menziline täze radar ulgamynyň gurulmagy bilen howa giňişliginiň gözegçiliginiň dolulygyna owgan hökümetine geçendigini aýdan Murtezewi, ulgam netijesinde Owganystanyň howa giňişligine gözegçilik edip biljekdiklerini aýtdy.

Täze gurlan radar ulgamy bilen Owganystanyň howa giňişliginiň indi has howpsyz ýagdaýa gelendigi bellenildi.

Täze gurlan radar ulgamynyň gymmaty 30 milliard dollara barabar.

Radaryň gözegçiligi we abatlaýyş işleri üçin hem her ýyl 10 million dollaryň sarp edilmegine garaşylýar.

Sowet soýuzy tarapyndan gurlan Kabulyň howa menzilindäki ozalky radar ulgamy 1990-njy ýyllardaky içerki uruşda hatardan çykarlypdy.

 

 



Degişli Habarlar