Resmi Waşington Russiýa we Hytaýa goşmaça sanksiýa goýar…

ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygy Russiýada goranyş pudagynda we howpsyzlyk boýunça iş alyp barýan 33 adama we gurama sanksiýa goýmak barada karar kabul etdi

Resmi Waşington Russiýa we Hytaýa goşmaça sanksiýa goýar…

Döwlet sekretarlygy täze sanksiýalary Prezident Donald Trampyň “Sanksiýalar arkaly Amerikanyň duşmanlaryna garşy göreş” kanunyna laýyklykda çykara permanyna laýyklykda goýdy.

Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Hedyr Noýertiň goly bilen berilen ýazmaça beýanatda ABŞ Russiýa Federasiýasynda harby we howpsyzlyk pudaklarynda işleýän 30 adamy we 3 guramany kanunyň 231-nji bölümindäki “Ýörite kesgitlenen adamlaryň” sanawyna goşdy.

Şol sanawa goşulan adamlar we guramalar bilen mundan beýläk işleşen adamlar hem-de guramalar ABŞ-nyň sanksiýalaryna sezewar ediler.

Beýleki tarapdan sekretarlyk şol beýanatynda Russiýa Federasiýasy bilen harby gatnaşyklary sebäpli Hytaýa degişli bir guramany we guramanyň müdirini sanksiýa sanawyna girizdi.

Geçen ýyl Kongresde kabul edilen “Sanksiýalar arkaly Amerikanyň duşmanlaryna garşy göreş” kanuny Russiýanyň Ukraina hüjüm etmegi we ABŞ-nyň Prezident saýlawlaryna goşulyşmaga synanşmagy sebäpli resmi Moskwa sanksiýalaryň goýulmagynyň öňüni açypdy.

 


Etiketkalar: Hytaý , Russiýa , Waşington

Degişli Habarlar