4-nji Halkara Ýokary kazyýetler maslahaty Stambulda özişine başlady

Iki gün dowam etjek maslahata 30-dan gowrak ýurtdan ýokary kazyýetleriň wekilleri gatnaşýar

4-nji Halkara Ýokary kazyýetler maslahaty Stambulda özişine başlady

4-nji Halkara Ýokary kazyýetler maslahaty Stambulda özişine başlady

Ýokary kazyýetiň ýolbaşçylyk etmeginde BMG-nyň Galkynyş maksatnamasynyň çäginde geçirilýän we iki gün dowam etjek maslahata 30-dan gowrak ýurtdan ýokary kazyýetleriň wekilleri gatnaşýar

Maslahatyň “Kazyýetde aç-açanlyk” maksatnamasynyň açylyş dabarasynda çykyş eden Ýokary kazyýetiň birinji başlygy Rüştü Jirit, maslahatyň Kazyýetde aç-açanlyk baradaky Stambul jarnamasynyň ýaňadandan gözden geçirilmegi, Stambul jarnamasynyň ýerine ýetirilşi baradaky işlerin seljerilmegi we taslamanyň kabul edilmegi maksady bilen geçirilýändigini aýtdy.

Ýokary kazyýetiň birinji başlyğy Rüştü Jirit maslahatyň halkara kazyýetleriň aç-açanlygy taýdan uly ähmiýete eýedigini nygtady we Stambul jarnamasynyň ýol görkeziji hasiýetine eýe boljakdygyny aýtdy.

BMG-nyň Galkynyş maksatnamasynyň Türkiýe boýunja ýörite wekili Irena Wožoçowa Sollorano bolsa maslahatyň kazyýetiň aç-açanlygy, adam hukuklary we azatlyklary taýdan diýseň möhümdigini belledi.

 



Degişli Habarlar