Ispaniýada aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil sebäpli ýogalanlaryň sany 12 adama ýetdi

Ispaniýanyň Maýorka adasynda aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil sebäpli ýogalanlaryň sany 12 adama ýetdi

Ispaniýada aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil sebäpli ýogalanlaryň sany 12 adama ýetdi

Öýleri suwyň aşagynda galan halk 900 adamyň gatnaşmagyndaky halas ediş toparynyň goldaw bermeginde goşlaryny halas etmäge çalyşýar.

Tebigy apat sebäpli sebitde 3 günlük milli ýas yglan edildi.

Merkezi hökümetiň metbugat geňeşçisi Isabel Jelaa sil sebäpli ýitgi çeken halka kömegiň berilmegi üçin işe girişendiklerini aýtdy.

Beýleki tarapdan sil sebäpli ýiti çeken halka adadaky öýlerini öýlerini we sport desgalaryny açan we arassaçylyk işlerine gatnaşan ispaniýaly tenisçi Rafael Nadar hakyndaky habarlara Ispaniýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri giňişleýin ýer berdi we milli türgen “görelde alarlyk türgen” hökmünde görkezildi.

 


Etiketkalar: sil apaty , Ispaniýa

Degişli Habarlar