Müsür we Russiýa bilelikde harby türgenleşik geçirýärler

Müsür bilen Russiýanyň arasynda "Dostlugyň goragçylary 3" ady bilen umumy harby türgenleşik geçirilýär

Müsür we Russiýa bilelikde harby türgenleşik geçirýärler

Müsüriň goşunynyň metbugat sekretary Tamir Rifai tarapyndan berilen beýanata görä, paraşýutçy toparlaryň hem gatnaşmagynda geçirilýän türgenleşik 26-njy oktýabra çenli dowam eder.

Metbugat geňeşçi beýanatynda, terrora garşy göreşde ýöriteleşdirilen harby toparlaryň söweşjeň mümkinçiliklerini artdyrmagy maksat edinýän türgenleşigiň, Müsüriň haýsy ýerinde geçirilýändigi barada maglumat berilmedi.

"Dostlugyň goragçylary" atly harby türgenleşigiň ilkinjisi 2016-njy ýylda Kairde, 2-njisi 2017-nji ýylda Russiýanyň Noworossiýsk şäherinde geçirilipdi.


Etiketkalar: türgenleşik , Russiýa , Müsür

Degişli Habarlar