“Häzirki şertlerde Saud Arabystanyna ýarag satmarys”

Merkel ýurdunyň häzirki şertlerde Saud Arabystanyna ýarag satmajakdygyny aýtdy

“Häzirki şertlerde Saud Arabystanyna ýarag satmarys”

 

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel ýurdunyň häzirki şertlerde Saud Arabystanyna ýarag satmajakdygyny aýtdy.

Saudy žurnalist Jemal Kaşykçynyň öldürilmegi barada metbugata beýanat beren Merkel, Kaşykçynyň öldürilmegini berk ýazgarýandyklaryny we wakanyň jogapkärleriniň jezalandyrylmalydygyny belledi.

 “Saud Arabystany bilen onsuz hem çäkli bolan ýarag satuwy saklandy” diýen Merkel, halkara jemgyýetçiliginiň waka berk garşylyk görkezmegi üçin tagalla etjekdiklerini ýatlatdy.

Germaniýanyň Daşary işler ministri Heioko Maas hem ARD telewideniýesine beren beýanatynda “Häzirki şertlerde Saud Arabystanyna ýarag eksport etmeris” diýdi.

Saud Arabystany Germaniýanyň täze ýyldan bäri Alžirden soň iň köp ýarag satýan ikinji ýurdy boldy.

Germaniýa üstümizdäki ýylyň 9 aýlyk döwründe Alžire 741,5 million ýewro, Saud Arabystanyna bolsa 417 million ýewrolyk ýarag satdy.

 

 



Degişli Habarlar