Saudy şalary žurnalist Jemal Kaşykçynyň maşgalasyna gynanç bildirdi

Şa Salman bilen Mirasdar Şazada Bin Salman Kaşykçynyň ogly Salaha telefon edip gynanç bildirdi

Saudy şalary  žurnalist Jemal Kaşykçynyň maşgalasyna gynanç bildirdi

Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziz bilen Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Salman öldürlen saudy žurnalist Jemal Kaşykçynyň maşgalasyna gynanç bildirdi.

Saud Arabystanynyň resmi habarlar gullugy SPA-nyň berýän habaryna görä, Şa Salman bilen Mirasdar Şazada Bin Salman Kaşykçynyň ogly Salaha telefon edip gynanç bildirdi.

Žurnalist Kaşykçynyň ogly Salaha aýry aýry telefon eden Saud Arabystanynyň Şasy Salman bilen Mirasdar Şazada Bin Salman Kaşykçynyň maşgalasyna uly gynanç bildirdi.

Saudy hökümeti 2-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň Stambul şäherindäki Başkonsullygyna girenden soň habar alynmadyk Kaşykçynyň “konsullykda bolan dawada ýogalandygyny” mälim edipdi.

 

 

 



Degişli Habarlar