ABŞ-de müňlerçe adam köçelere çykdy

Amerikan halky, Prezident Donald Trampyň prokuror Robert Mýuller tarapyndan alynyp barylýan Russiýa bilen bagly derňew işiniň tamamlanmagyna rugsat bermegi üçin köçelere çykdy

ABŞ-de müňlerçe adam köçelere çykdy

Amerikan halky, Prezident Donald Trampyň prokuror Robert Mýuller tarapyndan alynyp barylýan Russiýa bilen bagly derňew işiniň tamamlanmagyna rugsat bermegi üçin köçelere çykdy.

Ýurdyň ençeme ştatynda düýn agşam köçelere çykan ýüz müňlerçe adam, Donald Trampdan Russiýa bilen bagly geçirilýän derňew işine goşulyşmazlygyny we prokuror Robert Mýulleriň, Russiýanyň ABŞ-däki saýlawlaryň netijesine täsir ýetirendigi baradaky öňe sürmeler bilen bagly geçirýän derňew işini tamamlamagyna rugsat bermegini isledi.  

“Hiç kim hukukdan ýokary däldir” şygary bilen geçirilen protestleriň salgylarynyň biri hem Nýu-Ýork boldy.

Times meýdançasynda üýşen müňlerçe adam, 7-nji köçäniň dowamy bilen Union meýdançasyna ýörediler.

“Mýulleriň üstünden eliňizi ayryň” diýip şygarlar aýdan demonstrantlar, “Konstitutsiýany goraň”, “Mýulleri goraň”, “Tramp/Pens gitmeli” we “Tramp hukukdan ýokary däldir” ýaly ýazgyly şygarlary göterdiler.



Degişli Habarlar