Mosulda bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 3 adam ýogaldy

Yragyň Mosul şäherinde bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 3 adam ýogaldy

Mosulda bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 3 adam ýogaldy

Şäheriň günbataryndaky naharhananyň golaýynda bomba ýüklenen ulagyň ýarylandygy nygtaldy.

Ilkinji kesgitlemelere görä 3 adam ýogaldy, 6 adam hem ýaralandy.

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady emma hüjümiň terror guramasy DAIŞ-iň gurandygy öňe sürülýär.

Yragyň ozalky Premýer ministri Haýdar Al Abadi 2017-nji ýylyň dekabr aýynda beren beýanatynda “Mosulyň 3 ýyl soň terror guramasy DAIŞ-den dolulygyna yzyna alynandygyny” habar beripdi.

Emma Yrak-Siriýa serhedinde iş alyp barmaga dowam edýän terror guramasy DAIŞ wagtal-wagtal howpsyzlyk güýçlerina we asuda ilata garşy hüjümler guraýar.

 


Etiketkalar: partlama , Mosul , Yrak

Degişli Habarlar