“ABŞ Siriýada galmak üçin bahana gözleýär”

Rusiýa, ABŞ-nyň Siriýada galmak üçin bahana gözleýändgini öňe sürdi

“ABŞ Siriýada galmak üçin bahana gözleýär”

 

Rusiýa, ABŞ-nyň Siriýadan esgerlerini yzyna çekýän ýaly görünse-de ol ýerde galmak üçin bahana gözleýändgini öňe sürdi.

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mariýa Zaharowa gündelik metbugat ýygnagynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň geçen aý amerikanyň esgerleriniň Siriýadan çekiljekdigi barada beýanat berendigini ýatlatdy.

Zaharowa ABŞ-nyň Siriýadan çekiljekdigine ynanmaýandyklaryny aýtdy.

Mariýa Zaharowa “Häzir çekilýän ýaly görünýärler emma galmak üçin hem bahana gözleýärler” diýdi.

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mariýa Zaharowa ABŞ-nyň Siriýadan geçilmeginiň dogry boljakdygyny belledi

 

 

 


Etiketkalar: Russiýa , çekilmek , bahana

Degişli Habarlar