Pentagonyň Siriýadaky käbir harby enjamlary yzyna çekmäge başlandygy öňe sürüldi

Çekilmek etaby ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň 2018-nji ýylyň 19-njy dekabrynda kabul eden kararyndan soň başlapdy

Pentagonyň Siriýadaky käbir harby enjamlary yzyna çekmäge başlandygy  öňe sürüldi

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon Siriýadaky käbir harby enjamlary yzyna çekmäge başlandyklaryny aýtdy.

Pentagonyň ýokary derejeli ýolbaşçysy “Käbir enjamlary Siriýadan çekmäge başlandygymyzy tassyklaýaryn” diýdi.

Amerikanyň CNN telewideniýesi bolsa ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeliginiň çekilmek etabynda ulanyljak gämileri we uçarlary kesgitländigini öňe sürdi.

Çekilmek etaby ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň 2018-nji ýylyň 19-njy dekabrynda kabul eden kararyndan soň başlapdy.

Trampyň şol karary Jim Mattisiň Goranmak ministri wezipesinden çekilmegine sebäp boldy.

 

 



Degişli Habarlar