Tramp federal hökümetiň ýapylmagyny bahana edip Ykdysadyýet forumyna gatnaşmajakdygyny aýtdy

Diwar meselesi sebäpli emele gelen bujet krizisi netijesinde federal hökümet 21 günden bäri öz işini dowam etdirip bilmeýär

Tramp federal hökümetiň ýapylmagyny bahana edip Ykdysadyýet forumyna gatnaşmajakdygyny aýtdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp wagtlaýyn bujet krizisi sebäpli federal hökümetiň ýapylmagyny bahana edip Şweýsariýanyň Dawos şäherçesinde geçiriljek Bütindünýä Ykdysadyýet forumyna gatnaşmajakdygyny aýtdy.

Donald Tramp Twitter arkaly beýanat berip, “Demokratlaryň serhetleriň we halkymyzyň howpsyzlygynyň ähmiýeti meselesindäki ylalaşyksyz tutumy sebäpli Dawosda geçiriljek Bütindüntä Ykdysadyýet forumyna gatnaşyp bilmejekdigimi bellemek isleýärin” diýdi.

Meksika serhedine öwrüljek diwar meselesi sebäpli emele gelen bujet krizisi netijesinde federal hökümet 21 günden bäri öz işini dowam etdirip bilmeýär

 

 

 


Etiketkalar: bujet , Donald Trump , ABŞ , Prezident

Degişli Habarlar