Sipras Türkiýäniň ÝB-ne agzalygyna goldaw berilmelidigini aýtdy

Sipras resmi sapar bilen ýurduna gelen Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen duşuşdy

Sipras Türkiýäniň ÝB-ne agzalygyna goldaw berilmelidigini aýtdy

 

Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Sipras resmi sapar bilen ýurduna gelen Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen bolan duşuşygynda Türkiýäniň ÝB-ne agzalygyna goldaw berilmelidigini aýtdy.

Sipras “ Türkiýäniň ÝB-ne agzalygy hem türk halkynyň bähbidine bolar hem-de sebitde durnuklylygyň üpjün edilmegine goşant goşar” diýdi.

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen türk-grek gatnaşyklary we Kipr meselesi barada pikir alyşandygyny aýdan Gresiýanyň Premýer ministri, Kipr meselesiniň yzygiderli we adalatly ýagdaýda çözülmegi üçin edilýän tagallalara hem goldaw berilmelidigini belledi.

Germaniýanyň Federal Kansleri Merkel bolsa Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda baglaşylan bosgunlar şertnamasynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

 

 



Degişli Habarlar