ABŞ Siriýadaky esgerlerini birnäçe hepdäniň dowamynda yza çekmäge başlar

Žozef Wotel žurnalistleriň Siriýada 2 müňe golaý esgeriň haçan yza çekilmäge başlajakdygy hakyndaky soraglaryna jogap berdi

ABŞ Siriýadaky esgerlerini birnäçe hepdäniň dowamynda yza çekmäge başlar

ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdesi goşun generaly Žozef Wotel žurnalistleriň Siriýada 2 müňe golaý esgeriň haçan yza çekilmäge başlajakdygy hakyndaky soraglaryna jogap berdi.

Wotel, ABŞ-nyň Siriýadaky esgerleriniň birnäçe hepdäniň dowamynda yza çekilmäge başlajakdygyny aýtdy.

Beýleki tarapdan Amerikanyň ýaragly güýçleriniň Siriýadaky harby enjamlarynyň bir bölegini yzyna çekmäge başlady.

Goşun generaly Wotel “Esgerleriň yza çekilmegi harby enjamyň yza çekilmeginden has aňsat, şol sebäpli hem ilkinji nobatda harby enjamlary yza çekýäris”diýdi.

ABŞ-nyň Yrakdaky esgerleri hakynda hem durup geçen Wotel, şol ýurtdaky esgerleriň sanynyň artdyrylmagynyň meýilleşdirilmändigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar