Braziliýada bendiň çökmegi netijesinde dereksiz ýiten adamlaryň gözleg işleri dowam edýär

Braziliýanyň Minas Gerais ştatynda, 25-nji ýanwarda magdan galyndylarynyň saklanýan bendiň çökmegi netijesinde ýogalan adamlaryň sany 165-e ýetdi

Braziliýada bendiň çökmegi netijesinde dereksiz ýiten adamlaryň gözleg işleri dowam edýär

 

 

Minas Gerais ştatynyň Raýat goranyş gullugynyň sosial media hasabyndan berilen beýanatda, jesetleri tapylan 156 adamyň şahsyýetleriniň anyklanandygy, 9 jesediň şahsyýetlerini anyklamak işleriniň bolsa dowam edýändigi mälim edildi.

Bendiň çökmegi bilen 138 adamyň öýsüz galandygy aýdylýan beýanatda, 2 adamyň bolsa hassahanadaky bejergileriniň dowam edýändigi beýan edildi.

Dereksiz ýiten takmynan 170 adamyň gözleg işleri bolsa dowam edýär.

Heläkçilikde ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlarynyň geçiren protsetlerinden soň herekede geçen Prokuraturanyň başladan derňew işiniň çäginde, 3-si bendi dolandyrýan Vale Sa kärhanasynyň işgäri, 2-si bolsa nemes gözegçilik firmasynyň işgäri jemi 5 adam göz tussaglygyna alyndy.

Takmynan 13 million kub metr magdan galyndylarynyň dökülmegine sebäp bolan heläkçilikden soň, Braziliýanyň hökümeti, ýurtdaky ähli bentleriň gözden geçirilmegini isledi.


Etiketkalar: çökmek , bent , Braziliýa

Degişli Habarlar