Owganystanyň Prezidentinden Talibana teklip

Owganystanyň Prezidenti Eşref Gani, terror guramasy Talibana ýurdyň uly şäherlerinde ofis açmak babatynda teklip hödürledi

Owganystanyň Prezidentinden Talibana teklip

 

Eşref Gani, ýurdyň Nangarhar welaýatyna guran saparynda beren beýanatynda: “Taliban parahatçylyk gepleşiklerine başlamak isleýän bolsa Kabul, Kandagar we Nangarhar ýaly uly şäherlerde ofis açyp biler” diýdi.

Owganystana hemişelik parahatçylygyň gelmegi üçin her dürli ýeňillige taýýardyklaryny aýdan Gani, söweşiň tamamlanyp barýandygyny we parahatçylygyň boljakdygyny habar berdi.

Owganystanyň Prezidenti Eşref Gani: “Taliban gepleşikler üçin Kabula gelip biler, olar üçin ofis tapyp bereris we howpsyzlyklaryny hem üpjün ederis. Bu ýurt beýleki ýurtlaryň tabşyrygy bilen düzelmez” diýip belledi.

Gani, Owganystanyň halkynyň ähli zatdan ozal parahatçylyk isleýändigini nygtady.


Etiketkalar: Taliban , teklip , Owganystan

Degişli Habarlar