Ruhani: “Harby güýjümizi we raketa programmamyzy giňelderis” diýdi

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, ýurdunyň harby güýjüni artdyrmak bilen bagly ädimlerini etmäge we raketa programmasyny giňeltmäge dowam etjekdiklerini beýan etdi

Ruhani: “Harby güýjümizi we raketa programmamyzy giňelderis” diýdi

Tähranyň Azadi meýdançasynda geçirilen Eýran Yslam ynkylabynyň 40-njy ýyllygy bilen baglanşykly geçirilen dabarda çykyş eden Ruhani: “Tapawutly görnüşlerde raketa özgertmek üçin rugsat almaga zerurlyk görmeýäris, harby güýjümizi giňeldip ýolumyza dowam ederis” diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Behram Kasymi hem geçen hepde ABŞ-niň resmi Tähranyň BMG-niň 2231 belgeli kararyna ters hereket edýändigi baradaky öňe sürmeleri barada beýanat berdi.

Kasymi: “ABŞ şuňa meňzeş meseleleri we Eýranyň içerki işleri bilen bagly ters garaýyşlar aýdyp, ýadro ylalaşyk babatyndaky ýalňyş strategiýasynyň üstüni örtmäge synanyşýar. Şol sebäpli dowamly häsýetde ýadro ylalaşygyň we BMG-niň 2231 belgeli kararynyň netijesizdigini aýdýar. Kararyň düzgünini, ylalaşykdan çekilen bir ýurt bozdy. Eýran goranyş we raketa mümkinçiliklerini artdyrmaga dowam eder” diýip belläpdi.


Etiketkalar: raketa , Hasan Ruhani , Tähran , Eýran

Degişli Habarlar