Saud Arabystanynda ilkinji ýapon banky açyldy

Saud Arabystanynda 12 ýerli, daşary ýurtly hem 13 bank bar

Saud Arabystanynda ilkinji ýapon banky açyldy

 

Saud Arabystanynyň habarlar gullugy SPA-nyň berýän habaryna görä, Sumitomo Mitsui ýurtdaky ilkinji şahamçasyny paýtagt Riýatda açdy.

Şahamçanyň açylyş dabarasyna gatnaşan Ýaponiýanyň Saud Arabystanyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tsukasa Uemura, Sumitomo bankynyň dünýäniň iň uly banklaryndan biridigini we maliýe taýdan uly tejribä eýedigini aýtdy.

Ilçi Uemura bankyň ilkinji şahamçasynyň açylmagynyň has köp ýapon maýadarynyň Saud Arabystanynda iş alyp barmagyna itergi berjekdigini nygtady.

Saud Arabystany 2014-nji ýylda nebitiň nyrhynyň aşaklamagy sebäpli daşary ýurt sermaýasynyň ýurda gelmegi maksady bilen daşary ýurtly banklaryň şahamça açmagy maksady bilen dürli ýeňillikleriň döredilmegi üçin işe girişipdi.

Saud Arabystanynda 12 ýerli, daşary ýurtly hem 13 bank bar.

 

 

 



Degişli Habarlar